Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Bilim ministrliginiň bilelikdäki iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda uçurymlaryň arasynda zähmet kanunçylygy boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döwrebap zähmet çekmek mümkinçiliklerini döretmek, bilim bermek we uçurymlary işe ýerleşdirmek baradaky döwlet syýasatynyň mazmuny beýan edildi. Şeýle hem uçurymlary işe ugrukdyrmak we zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda ýollamak boýunça kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ähmiýeti giňişleýin bellenildi.
Maslahata Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşyp, ýaşlaryň iş üpjünçiligi, hünär taýýarlygy, zähmet bazarynyň ösdürilmegi, ýaşlar syýasaty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak baradaky işleri giňden düşündirdiler. Şeýle-de «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ýurdumyzyň ýaşlaryna berýän mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar myhmanlara hoşallyk bildirip, ýaş nesli watansöýüjilik, ylym-bilim we sagdyn durmuş ýörelgelerinde terbiýelemek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň giň gadamlar bilen dowam edýändigini bellediler. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.