Türkmen-gazak sport hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýokary derejeli gepleşik geçirdiler. Medeni-ynsanperwer ulgamlaryň, şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Iki ýurtda medeniýet günlerini, döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda dürli çäreleri hem-de sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça gepleşikler üstünlikli tamamlandy.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti gazak kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Netijede, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy» milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu Ähtnama ýokary okuw mekdebimiz bilen Russiýa Federasiýasy, Ermenistan Respublikasy, Malaýziýa, Rumyniýa ýaly ýurtlaryň abraýly bedenterbiýe we sport ugurly ýokary okuw mekdepleri bilen hereket edýän halkara resminamalarynyň üstüni ýetirdi.
2024-nji ýylyň dekabrynda ýokary okuw mekdebimiziň talyplar sport klubynyň we ylym bölüminiň wekilleri Almaty şäherindäki Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda alnyp barylýan okuw, ylmy we türgenleşik işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin iş saparynda boldular. Ýurdumyzyň wekilleri sport sapaklaryny guramak, ýaşlaryň hereket işjeňligini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda tejribe alyşdylar. Şeýle hem, ylmy-barlag merkeziniň işgärleri bilen bilelikdäki taslamalar, innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy, halkara ylmy makalalary taýýarlamak ýaly meselelere garaldy.
Türkmen-gazak sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy halkara tejribäniň özleşdirilmegine, innowasion türgenleşik usullarynyň ornaşdyrylmagyna, Merkezi Aziýa sebitinde sport gatnaşyklarynyň has-da berkemegine giň mümkinçilik döredýär. Sportda, ylym-bilimde halkara tejribesini öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Berdimyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.