Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport ýaryşlary
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Bitaraplyk we sport ýörelgeleri dostlugy hem-de parahatçylygy wagyz edýär» atly köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guraldy. Köpçülikleýin sport ýaryşlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis, bilýard, küşt we el göreşi (armrestling) görnüşleri boýunça 2025-nji ýylyň 3–9-njy dekabry aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport binalarynda geçirilýär.
Dabarada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilişi hem-de ýetilýän belent sepgitler giňden beýan edildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler topary çykyşlary arkaly bu ugurlarda alnyp barylýan ýörelgeleri şöhlelendirdiler.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza dünýäde parahat, bagtyýar durmuşy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.