XXIII Halkara sport ylymlary kongresi
Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherinde Erzurum tehniki uniwersiteti, Atatürk uniwersiteti we Sport ylymlary birleşigi tarapyndan «Sport ylymlarynda sanlylaşdyrma» atly XXIII Halkara sport ylymlary kongresi ýokary guramaçylykly geçirildi. Üç günläp dowam eden kongresiň çäklerinde alymlar, ylmy gözlegçiler we talyplar ýüzbe-ýüz hem-de onlaýn görnüşinde geçirilen çärelerde ylmy önümçiliklerini paýlaşyp, tejribe alyşmaga mümkinçilik gazandylar.
Sport ylymlary ulgamynda häzirki zaman ösüşleri bilen tanyşmak, täze ylmy ideýalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän bu uly forumyň açylyş dabarasyna sport ylymlarynda öňdebaryjy alymlar hem gatnaşdylar.
Şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde guralan duşuşykda Türkiýe Respublikasynyň Sport ylymlary birleşiginiň Halkara komitetiniň ýolbaşçysynyň gowşuran resmi çakylygy esasynda ýokary okuw mekdebimizde alnyp barylýan ylmy-barlaglar, alymlyk derejesini almak üçin, şeýle hem ýaş alymlaryň ylmy işleri boýunça taýýarlanan 15 sany çykyşlaryň bu abraýly halkara maslahatyň gün tertibine goşulmagy aýratyn buýsanç döretdi. Bu ýokary okuw mekdebimiziň sport ylymlary babatda ösüşiniň, halkara hyzmatdaşlygynyň we ýaş alymlaryň üstünlikleriniň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Berdimyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.