Talyplar sportunyň ösüşi ugrunda halkara tejribesi
2025-nji ýylyň 9–14-nji dekabry aralygynda Taýpeý şäherinde (Hytaý Taýpeýi) «FISU Healthy Campus» («FISU sagdyn kampus») atly halkara seminar-maslahaty geçirildi. Halkara maslahata Merkezi Aziýa talyplar sporty federasiýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Halkara talyplar sport federasiýasynyň, Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Oňa ýurdumyzdan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Serdar Gurdow wekilçilik etdi.
Seminarda talyplaryň beden saglygyny goramagyň häzirki zaman usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgeleri we psihologik goldaw meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyş edenler sagdyn uniwersitet gurşawyny döretmegiň strategiýalaryny hödürlediler. «FISU Healthy Campus» maksatnamasynyň esasy ugurlary giňişleýin düşündirildi. Sanly tehnologiýalaryň saglyk gözegçiliginde ulanylyşy aýratyn temalaryň biri boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekili bolsa «FISU Healthy Campus» başlangyçlarynyň çäginde Türkmenistanda talyplar sportunyň ösüşi» atly temadan çykyş etdi.
FISU Healthy Campus — bu Halkara talyplar sport federasiýasy (FISU) tarapyndan döredilen halkara maksatnama bolup, ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn we durnukly durmuş ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilendir. Maksatnama boýunça FISU Healthy Campus reýtingi hereket edip, ýokary okuw mekdepleriň talyplar üçin sagdyn, howpsuz we durnukly okuw gurşawyny döretmek boýunça gazanan netijelerini bahalandyrýar. Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň saglyk, sport, abadançylyk we dolandyryş ulgamlaryny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmäge itergi berýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty milli reýting ulgamy bilen bir hatarda 2005-nji ýylda döredilen ýokary okuw mekdepleriniň halkara «uniRank» reýtingine girýär. «uniRank» reýtingi ýokary okuw mekdepleriniň onlaýn web-sahypalarynyň meşhurlygyna we web-indikatorlaryna esaslanýan maglumat bazasy bolup, dünýä boýunça müňlerçe uniwersitet hem-de institutlaryň maglumatlaryny öz içine alýar. 1995-nji ýyldan bäri Halkara talyplar sport federasiýasynyň (FISU), 2004-nji ýyldan bäri bolsa Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasynyň (AUSF), 2025-nji ýyldan başlap Merkezi Aziýa talyplar sporty federasiýasynyň (CAUSF) agzasy we dolandyryjy düzümi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan bolan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy ýurdumyzda talyplar sportuny yzygiderli ösdürmäge gatnaşýar. 2024-nji ýylda bolsa Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. Şeýlelikde, «FISU Healthy Campus» atly halkara seminar-maslahatyň çäklerinde bedenterbiýe we sport ugurly ýokary okuw mekdepleriň abraýly maksatnamasynyň we reýting ulgamlarynyň tejribeleri giňden öwrenildi.
Berdimyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.