Tälimçi-mugallymymyz we talyp türgenlerimiz Şa serpaýlaryna mynasyp boldular
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny has-da ýokary derejelere çykarmak, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän türgenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak ugrunda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iri halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini hem-de olaryň ýeňişleriniň gözbaşynda duran halypa tälimçileriň Şa serpaýlary bilen sylaglanylmagy olaryň döredijilikli zähmetine berlen ýokary bahadyr. Ýokary okuw mekdebimizden 8 talybymyzyň pul baýraklaryna, 5 talybymyzyň we 1 tälimçi-mugallymymyzyň bolsa ak reňkli ýeňil awtoulag bilen sylaglanylmagy, umumylykda institutymyzdan 14 wekiliň Şa serpaýlaryna mynasyp bolmagy başymyzy göge ýetirdi.
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Mähriban Abdyrahymowna Pälwanowa (40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Eziz Maksatmyradowiç Ýollyýew (40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Aýnur Şöhratowna Kullyýewa (40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, uşu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Eziz Bezergenowiç Muhammedow (40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Mälikberdi Hallymämmedowiç Begiýew (70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Ykbal Garly gyzy Saparowa (70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Marýam Ruslanowna Wafaýewa (70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Suraý Şamyradowna Gökgäýewa (70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Yslam Hemraýewiç Hemraýew (2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag);
- Türkmen döwlet bedenterbiye we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Seýdylla Şamyradowiç Akmämmedow (2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Aminat Guwanjowna Guwanjowa (2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Yslam Döwletmyradowiç Öwezow (2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Anamjan Rustamowa (2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag);
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň jiu-jitsu boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Rahat Baýramgeldiýewiç Kurbanow (2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag).
Bu sylaglar ýaşlarymyzy täze ýeňişlere, belent sepgitlere ruhlandyrýar, halypa tälimçileriň hormatyny has-da belende göterýär we sport arkaly parahatçylygy, dostlugy hem-de ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.