Belent maksatlaryň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly­-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga uly ähmiýet berlendigini görmek bolýar. Ýaş neslimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-­da belende götermek ugrunda uly işler durmuşa geçirildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlarda medallaryň ýüzlerçesini gazandylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň türgenleri geçen ýylda halkara ýaryşlarda 977 medal gazandylar. Şolaryň hatarynda ýokary okuw mekdebimiziň talyp türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 58-­sine gatnaşyp, 62 altyn, 67 kümüş, 75 bürünç, jemi 204 medala, ýurdumyzyň çäginde geçirilen milli ýaryşlarda 878 medala mynasyp boldular. Ezber türgenlerimiziň gazanýan ýeňişleri Türkmenistany halkara jemgyýetçiliginiň öňünde sportuň pajarlap ösýän mekany hökmünde tanadýar. Şeýlelikde, türkmen türgenleriniň iri göwrümli halkara ýaryşlara gatnaşyp gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň dünýädäki abraý­-mertebesini has-­da beýgeldýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iri halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini hem-­de olaryň ýeňişleriniň gözbaşynda duran halypa tälimçileriň Şa serpaýlary bilen sylaglanylmagy olaryň döredijilikli zähmetine berlen ýokary bahadyr. Ýokary okuw mekdebimizden 14 wekiliň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy başymyzy göge ýetirdi. Şeýle hem düzüminde talyp türgenlerimiz bolan «Arkadag» futbol toparynyň ýokary üstünliklere eýe bolmagy, ýurdumyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmeginde ýokary okuw mekdebimiziň wekilleriniň mynasyp goşant goşmaklary ýurdumyzyň halkara derejesindäki at­-abraýyny, şan­-şöhratyny has­-da belende göterdi.
Ýokary okuw mekdebimiziň professor-­mugallymlary we talyplary bedenterbiýäni, sporty ylmy esasda öwrenmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde birnäçe ylym-­bilim taslamalaryna, okuw seminarlaryna, ylmy­-amaly maslahatlara, sanly ulgam arkaly çärelere gatnaşdylar. Geçen ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy» milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglaşyldy. Professor-­mugallymlarymyzyň 50­-den gowragy dürli ugurlar boýunça, şol sanda sportuň görnüşleri boýunça halkara federasiýalaryň geçiren seminarlarynda hünär derejelerini ýokarlandyrdylar.
Talyp ýaşlarymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilen halkara ders bäsleşiklerinde 16 sany, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň onlaýn, internet olimpiadalarynda, ders, zehin, taslama bäsleşiklerinde 35 sany baýrakly orny eýelemegi başardylar. Ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan 15 okuw kitaby we 1 halkara ylmy maslahatyň ýygyndysy neşir edildi.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde ýaryşlary geçirmek üçin baý tejribä eýedir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýän maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2026-­njy ýylda milli sport ulgamy has-­da kämilleşdiriler.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky düýpli ylma esaslanýan köptaraply başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleri umumadamzat üçin bähbitlidir. Şeýle buýsandyryjy ösüşler dowamat dowam bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47