Nýu-Ýorkuň ylmy žurnalynda makalalar çap edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usuly merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň çäklerinde taýýarlanan ylmy makalalar Nýu-Ýork şäherinde halkara ylmy neşir bolan «Dikeldiş we täzeçil lukmançylygyň ýyl ýazgylary» žurnalynda çap edildi.
«Dikeldiş we täzeçil lukmançylygyň ýyl ýazgylary» žurnaly reabilitasiýa, sport lukmançylygy we hereket ukybynyň netijeliligi ugurlarynda häzirki zaman ylmy garaýyşlary beýan edýän, halkara derejede giň okyjylar köpçüligine eýe bolan neşirdir. Žurnalda ýerleşdirilýän makalalar dünýä jemgyýetçiligi üçin gymmatly ylmy maglumatlary özünde jemläp, dürli ýurtlaryň alymlarynyň tejribe alyşmagyna giň ýol açýar.
Bu halkara žurnalyň redaksion geňeşi Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Awstraliýa, Germaniýa, Italiýa ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy alymlaryndan düzülip, neşir edilýän makalalaryň hiline we ylmy derejesine ýokary talaplar bildirilýär. Hut şonuň üçin hem bu platformada çap edilýän her bir ylmy iş halkara ölçeglerine laýyklykda seljerilýär we degişli synlardan geçirilýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usuly merkezinde alnyp barylýan barlaglaryň netijeleriniň dünýäniň dürli ýurtlarynyň ylmy neşirlerinde hem çap edilýändigi bellärliklidir. Merkez tarapyndan halkara ýaryşlara taýýarlyk görýän sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlaryň türgenleri bilen meýilnama esasynda ylmy barlaglar geçirilýär. Alnan maglumatlaryň esasynda türgenleşik işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler işlenilip düzülýär. Taýýarlanan makalalar bolsa Google ScholarE-Library ýaly halkara ylmy platformalarda ýerleşdirilip, giň ylmy jemgyýetçilige ýetirilýär we dünýäniň sport ylymlarynyň ösüşine mynasyp goşant goşýar.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47