Meýletinçileriň sazlaşykly işlemegi üçin sanly platformalar ulanylar

«Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygyna giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, futbol janköýerleri hem-de tomaşaçylar üçin ähli zerur şertleri döretmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şu maksat bilen daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetler, eminler, türgenler we tomaşaçylar üçin amatly ýagdaýlary üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu jogapkärli işlere Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan düzülen meýletinçiler topary hem gatnaşar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Ýaş tehnologlar» ylmy gurnagy tarapyndan teklip edilen döwrebap sanly platformalar meýletinçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen ulanylar. Bu platformalar meýletinçileriň işini sanly serişdeler arkaly dolandyrmaga, olaryň ýerleşişini we hereketlerini wagt tertibinde gözegçilikde saklamaga, stadionyň çäginde janköýerleriň maksadalaýyk ýerleşdirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Onlaýn we offlaýn tertiplerde üstünlikli synagdan geçirilen platformalaryň kömegi bilen meýletinçileriň ýerleşýän nokatlary interaktiw kartada anyk görkezilip, olaryň hereketleri öňünden kesgitlenen ugurlar boýunça tertipleşdiriler. Şeýle hem meýletinçiler bilen tizara habarlaşmak, görkezmeleri ýetirmek hem-de zerur maglumatlary dessine paýlaşmak mümkinçiligi döredilendir.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Ýaş tehnologlar» ylmy gurnagy tarapyndan taýýarlanylýan dürli synag platformalary ýurdumyzda geçirilýän halkara sport çärelerini sanlylaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem taslamalar innowasion bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, milli sport ulgamynda täze tehnologik çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna itergi berýär.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47