Meýletinçi ýaşlaryň güýji bilen
Islendik iri çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde meýletinçileriň uly orny bar. Ýurdumyzda olary halkara forumlara, maslahatlara, sport ýaryşlaryna ykjam taýýarlamakda we şol çäreleriň dowam edýän günlerinde meýletinçileriň kömeginden netijeli peýdalanmakda baý tejribe toplanyldy. Ozal habar berşimiz ýaly, ýakyn günlerde AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde merjen paýtagtymyzda geçiriljek «Arkadag» — «Al-Nassr» duşuşygyna hem meýletinçileriň uly topary gatnaşar. Bu barada gyzyklanyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni Arslan Myradowa ýüz tutduk.
— Arslan mugallym, metbugat çeşmelerinde öňde duran möhüm duşuşyk üçin meýletinçileriň ýarym müňden gowragynyň taýýarlanylýandygy bellenilýär...
— Hawa, 11-nji fewralda merjen paýtagtymyzda geçiriljek futbol duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýletinçiler we jogapkär mugallymlar taýýarlanylýar. Bu işe biziň ýokary okuw mekdebimizden 89 mugallym, 507 sany talyp çekildi.
— Şu gezekki taýýarlygyň esasy aýratynlygy hakynda näme aýdyp bilersiňiz?
— Şu gezek ýurdumyzdaky iri çärelere görülýän taýýarlygyň we olaryň guramaçylyk işleriniň çäklerinde ilkinji gezek sanly dolandyryş ulgamyndan peýdalanýarys. Bu platforma meýletinçileriň stadionyň çäginde tertipli we netijeli ýerleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredildi. Häzirlikçe synag görnüşinde işlenip taýýarlanylan platforma meýletinçileriň ýerleşýän nokatlaryny kartada anyk görmäge we olar bilen dessin aragatnaşygy alyp barmaga ýardam edýär. Platforma Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Ýaş tehnologlar» ylmy gurnagy tarapyndan teklip edildi. Ol onlaýn we offlaýn tertiplerde üstünlikli synagdan geçirildi.
— Meýletinçileriň taýýarlygy ýörite okuwlardan başlanýar. Şu gezekki okuwlaryň guramaçylyk ýagdaýy barada aýdaýsaňyz!
— Elbetde, meýletinçileriň nazary we amaly taýýarlygy, degişli meýilnama laýyklykda, doly üpjün edildi. Nazary taýýarlygyň çäginde sport etikasy, howpsuzlyk düzgünleri we aragatnaşyk medeniýeti boýunça 22 sagatlyk okuw sapagy geçirildi. Amaly taýýarlyk babatdaky işler bolsa geçen aýda paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda ugrukdyryş görnüşinde guraldy.
— Iri duşuşyk üçin diňe bir futbolçylar däl, meýletinçiler hem türgenleşmeli. Türgenleşik işleri tamamlandymy?
— Ýok, tamamlananok. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Olar dynç alyşdan dolanyp gelensoň, duşuşygyň öňüsyrasynda türgenleşikleri dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Aslynda, bu işe ýanwar aýynda girişdik. Olimpiýa stadionynda bolan türgenleşikleriň çäklerinde meýletin ýardamçylardyr jogapkär mugallymlaryň hyzmat etmeli ýerleri kesgitlenildi. Meýletinçilerimiz janköýerleriň 5,5 müňden gowragynyň gatnaşmagynda stadionda peýda boljak «ARKADAG» ýazgysyny ýazmak boýunça işleriň guramaçylygyna hem ýardam berýärler.
— Dürli ugurlar boýunça işlejek meýletinçilerden daşgary ýaş wagyzçylardan ybarat bolan media topary hem döredilipdir.
— Hawa. Şeýle topary döretmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna degişli. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ministrliklerdir pudak edaralarynyň öňde duran sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Media topary baradaky söhbedimizi dowam etsek, onuň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan mugallymlaryň 12-si, zehinli, dilewar talyplaryň bolsa 76-sy çekildi. Olar duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň dowamynda we onuň geçirilýän günlerinde reportažlary, foto we wideo maglumatlary taýýarlamak hem-de halkara giňişlige çykarmak işlerine gatnaşarlar. Bu ugurda toparyň agzalary bilen onlaýn we amaly görnüşde ýörite okuwlar geçirildi.
— Umuman, meýletinçilerimiz hem, media toparynyň agzalary hem duşuşyga ýokary derejede taýýarlykly barýar. Goý, her bir iri sport baýramçylygynda bolşy ýaly, «Arkadag» toparynyň geçirjek taryhy futbol duşuşygy hem hakydalarda iň ýakymly ýatlamalary bilen galsyn! Arslan mugallym, biz hem size beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun!
— Köp sag boluň! Gahryman Arkadagymyz bu duşuşygyň hemmeler üçin baýramçylyk ruhuna beslenjekdigini aýtdy. Şundan ugur alyp, biz hem duşuşygy ýokary derejede geçirmek ugrunda elimizden gelenini gaýgyrmarys. «Arkadag» toparyna hem iri sport ýaryşynda ýeňiş arzuw edýäris.
Söhbetdeş bolan
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.