Türkmenistanyň talyplar futzal ligasy
Türkmenistan talyplar sportunyň ösüşinde möhüm wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň Talyplar ligalarynyň (TTL) ýaryşlary häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda üstünlikli dowam edýär. Futzal, basketbol hem-de woleýbol boýunça geçirilýän duşuşyklar talyp ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga giň mümkinçilik döredýär.
Ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy esasy guramaçy hökmünde çykyş edýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek badalga berlen talyplar ligalary geljekde sport görnüşleriniň sanyny has-da giňeltmegi maksat edinýär.
Türkmenistanyň talyplar futzal ligasy «Liga-A» we «Liga-B» görnüşlerinde geçirilip, her bölümde 8 topar bäsleşýär. Hepdede geçirilýän gyzykly oýunlar tomaşaçylara ýokary depgindäki duşuşyklary hödürleýär. Liga ýarymýyllyk boýunça dowam edýär we halkara talaplaryna laýyklykda gurnalýar.
Oýunlaryň guramaçylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde geçiren eminleriň okuwy möhüm ädim boldy. Ilkinji tapgyrda 25 sany talyp gatnaşyp, bu başlangyç talyp ýaşlaryň arasyndan ökde eminleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň talyplar ligalaryny giňden wagyz etmek maksady bilen ýörite media toparynyň döredilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Toparyň düzümine ýokary okuw mekdebimiziň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplaryndan ybarat ýaş habarçylar, teswirleýjiler hem-de wagyzçylar girizildi. Olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we dürli media platformalarynda täsirli habarlary, teleradiogepleşikleri hem-de mahabatlary taýýarlap, sport wakalaryny giň köpçülige ýetirýärler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Talyplar ligalary talyplar sportunyň ösüşine güýçli itergi berýär, täze zehinleri ýüze çykarýar hem-de sport ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.