Tejribelik – hünär ýoluna berk binýat
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2025–2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynda okuw meýilnamasyna laýyklykda talyplaryň tejribelik tapgyry giň gerimde ýola goýuldy. Tejribelikler geljekki hünärmenleriň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmaga gönükdirilýär.
Ýokary okuw mekdebimiziň 2-nji ýyl talyplary 4 hepdelik okuw tejribeligini, 5-nji ýyl talyplary bolsa 16 hepdelik önümçilik tejribeligini geçýärler. Tejribelik ýerleriniň hatarynda orta mekdepler, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligine degişli sport mekdepleri, Gyşky oýunlar sport toplumy, Türkmenistanyň Olimpiýa suw-sport toplumy, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi, «Köpetdag» sport toplumy, ýokary okuw mekdepleri, Milli atly sport merkezi, Aşgabat atçylyk sport toplumy, şeýle hem gazet-žurnallaryň redaksiýalary we sportuň görnüşleri boýunça federasiýalar bar.
Institutyň talyplary tejribelik döwründe zerur bolan ýollaýyş hatlary hem-de gündelikler bilen üpjün edildi. Şeýlelikde, tejribelik tapgyrlary talyp ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, iş tejribesini gazanmagyna hem-de geljekki zähmet ýoluna ynamly gadam basmagyna berk binýat döredýär.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.