«Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşigi geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, maksada okgunlylygyny, ruhubelentligini, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy we halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasynyň nepis aýratynlyklaryny kämil bilşini, şol gymmatlyklary ýaş nesillere ýetirmek ukybyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, gyz maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny we edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen guraldy.
Talyp gyzlaryň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşiginiň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen tapgyrynyň netijeleri boýunça sport fakultetiniň sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýlar Orazmyradowa ýeňiji diýlip yglan edildi we bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.