Sagdyn we ruhubelent zenanlar – bagtyýar geljegiň binýady

Eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler bedenterbiýe we sportda hem aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, döwlet baýdagymyzy belende galdyrýarlar. Bu taryhy ösüşlerde jemgyýetimizde her bir raýatyň, şol sanda zenanlaryň hem mynasyp goşandy aýratyn bellärliklidir. Türkmen jemgyýetinde zenana hemişe belent hormat goýlup, olaryň döredijilikli başlangyçlaryna giň ýol açylýar. Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlar bilen bir hatarda sportda hem işjeň çykyş edýärler. Zenan türgenlerimiz milli we halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanyp, ýaş nesle görelde görkezýärler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Sagdyn we ruhubelent zenanlar – bagtyýar geljegiň binýady» atly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Sportuň 3x3 basketbol, küşt, stol tennisi we woleýbol görnüşleri boýunça zenan türgenleriň sport ýaryşlary 2026-njy ýylyň 2-7-nji marty aralygynda dowam eder.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47