Halkara ylmy-amaly maslahat
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan sanly ulgam arkaly geçiriljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň
ÇAKYLYK HATY
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport düzümi döredildi. Ylmyň gazananlaryny we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sport ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sportuň ylmy-usulyýet binýadyny berkitmek bilen bagly uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan ajaýyp syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara sport abraýy has-da artýar. Halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi bolan sport diplomatiýasy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçiriljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň bedenterbiýe we sportda özara bähbitli ylmy-amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlaryny 2026-njy ýylyň 19-njy martyna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli:
Maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň tematiki ugurlary:
- Bedenterbiýäniň we sportuň pedagogikasynda amaly tejribeler;
- Sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmakda bedenterbiýäniň hem-de sportuň orny;
- Sportda emeli aň we innowasion tehnologiýalar.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti — Times New Roman, ölçegi — 14 pt, setir arasy — 1).
Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleri boýunça ylmy ýygyndy resmi neşir ediler we Google Scholar halkara indekslenýän ylmy çeşmesinde ýerleşdiriler.
Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler: Çakylyk haty