Dünýä kubogynda talyplarymyzyň uly ýeňişleri

2026-njy ýylyň 10–15-nji marty aralygynda Italiýa Respublikasynyň Jesolo şäherinde kik-boksing boýunça Dünýä kubogy ýokary derejede geçirildi. Bu halkara sport çäresi dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenleri bir ýere jemledi.
Abraýly ýaryşa ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar. Hususan-da, sport fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Narzulla Bazarow 75 kg agram derejesinde Low kick görnüşinde çykyş edip, I orny – altyn medaly eýeledi.
Mundan başga-da, bedenterbiýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Eziz Meredow 51 kg agram derejesinde Low kick görnüşinde II orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem 2-nji ýyl talybymyz Mekan Mürrikow 54 kg agram derejesinde III orny eýeläp, bürünç medal gazandy.
Bu üstünlikler talyp türgenleriň  ýokary taýýarlygyny, erjelligini hem-de sporta bolan höwesini görkezýär. Şeýle hem bu ýeňişler ýurdumyzyň sport abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.

Aýgül UMMATYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47