«Muaý-taýyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen «Muaý-taýyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby (awtorlary: W.Hojamyradow, A.Omarow, G.Hojamyradow, G.Allaberenow, R.Araşow, K.Gajyýew, A.Hilliýew) resmi taýdan neşir edildi.
Bu okuw kitabynda muaý-taý söweş sungatyna degişli möhüm we zerur maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Kitapda düşündirilýän muaý-taýyň tehniki-taktiki tilsimleri türgenlerde tutanýerlilik, sabyrlylyk hem-de döredijilikli pikirlenmek ýaly möhüm häsiýetleriň kemala gelmegine oňaýly täsir edýär.
Muaý-taý häzirki Taýland döwletiniň çäklerinde dörän gadymy söweş sungatydyr. Bu sungat ilkibaşda «maý si ork», soňra bolsa «pahuýut» diýlip atlandyrylypdyr. Bu sözler türkmen diline terjime edilende «köpugurly uruş» ýa-da «köptaraply söweş» diýen manylary berýär. «Muaý-taý» ady bolsa diňe XX asyryň başlarynda giňden ulanylyp başlandy. Bu at «taýland boksy» diýen manyny aňladýar, şonuň üçin hem bu sport görnüşi käbir ýurtlarda şeýle at bilen hem tanalýar.
Häzirki wagtda muaý-taý Taýlandda iň bir hormatlanýan we giňden ýaýran milli sport görnüşleriniň biridir. Ol dünýä ýüzünde hem gitdigiçe uly meşhurlyga eýe bolup, ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirýär.
«Muaý-taýyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby sport ugrundan hünär alýan talyplar üçin niýetlenendir. Şeýle-de ol muaý-taý sporty bilen gyzyklanýan türgenler üçin hem peýdaly gollanma bolup hyzmat eder.
Aýgül UMMATYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.