Sagdynlygyň mekanynda hyzmatdaşlygy ilerledip

Düýn Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda sport diplomatiýasyny ilerletmegiň ugurlary, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, sport we bedenterbiýe arkaly saglygy dikeltmek boýunça ylmy garaýyşlar beýan edildi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň sportdaky üstünlikleriniň hem-de ýokary okuw mekdebiniň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň we ylmy gurnaklaryň işleri bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.

Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat Özbegistan, Türkiýe, Hytaý, Russiýa, Amerika, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Rumyniýa, Gazagystan, Belarus, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan ýaly döwletleriň sport we bedenterbiýe ulgamynda işleýän alymlaryny, professor-mugallymlaryny, tälimçilerini, hünärmenlerini bir ýere jemledi.
Umumy mejlisde çykyş edenleriň belleýşi ýaly, sport diňe bir ýaryşlardan ybarat däldir, ol halklaryň arasynda dostlugy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmegiň, parahatçylygy dabaralandyrmagyň möhüm guralydyr. Türkmenistan hem hut şu ýörelgeden ugur alyp, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly dünýäde parahatçylyk medeniýetine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanda sport ylymlarynyň yzygiderli ösdürilmegi ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ylmy esasda çemeleşmegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Aýratyn-da, talyplar sporty milli sport federasiýalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk arkaly has-da kämilleşýär. Şeýle hem ýurdumyzda sport arkaly parahatçylygy berkitmek, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli mümkinçiliklerden işjeň peýdalanylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurly, şol sanda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykýandygyny görkezýär.
Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetiniň neşirýat we bahalandyryş bölüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça ýolbaşçysy Stiw King öz çykyşynda akademiki üstünlik üçin giň we deňagramly okuw meýilnamasyny üpjün etmekde bedenterbiýäniň ähmiýetine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, okuw maksatnamalary işlenilip taýýarlanylanda, onda fiziki işjeňligi artdyrýan çärelere aýratyn orun berilmelidir. Okuw sapaklarynyň bedenterbiýe maşklary we oýunlar bilen utgaşdyrylmagy synp gurşawyny işjeňleşdirip, hususan-da, matematika we hasaplama bilen bagly derslerde okaýanlaryň ýumuşlary netijeli özleşdirmegine ýardam edýär. Mundan başga-da, bedenterbiýe bilen utgaşdyrylýan sapaklar okaýanlaryň okuwdan daşarky gurşawda hem özüni alyp barşyna oňyn täsirini ýetirýär.
Halkara Sport tehnologiýalary birleşiginiň wekili, Hytaýyň Çengdu sport uniwersitetiniň mugallymy Heitor Walente çykyşynda futbolyň mysalynda türgenleri taýýarlamakda az çykdajyly usullar barada giňişleýin durup geçdi.
Russiýa Federasiýasynyň «Ewrika» bilermenler-maslahat beriş merkeziniň baş direktory, Russiýanyň Halkara Olimpiýa uniwersitetiniň mugallymy Lew Gutmanyň çykyşynda ýurtda bedenterbiýe hereketini we sporty ösdürmekde netijeli, howpsuz sport desgalarynyň ulgamyny kemala getirmegiň ähmiýetine ünsi çekildi. Bellenilişi ýaly, sport desgasy köp ýyllaryň dowamynda belli bir kanunlar we düzgünler esasynda hereket edýän çylşyrymly düzümdir. Bu kanunlary we düzgünleri bilmezlik ýa-da olara eýermezlik degişli desgalaryň işiniň netijeliliginiň peselmegine getirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, türgenleşikler we ýaryşlar üçin amatlylyk derejesini azaldyp, desgalara edilýän hyzmatlar üçin çykdajylary köpeldýär. Sport desgasynyň düzümlerini we olaryň işleýiş düzgünlerini bilýän dolandyryjy bar bolan serişdelerden netijeli peýdalanyp, sporty we oňa degişli desgalary adamlar üçin has özüne çekiji ýere öwrüp biler. 
Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Bedenterbiýäniň we sportuň pedagogikasynda amaly tejribeler», «Sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmakda bedenterbiýäniň hem-de sportuň orny», «Sportda emeli aň we innowasion tehnologiýalar» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda degişli ugurlarda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň, professor-mugallymlarydyr hünärmenleriniň çykyşlaryna uly orun berildi. Maslahat sport we bedenterbiýe babatda diňe bir ylmy pikirleri alyşmak üçin däl, eýsem, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, innowasion çemeleşmeleri we umumy maksatlary ilerletmek üçin-de amatly meýdança bolup hyzmat etdi.
Halkara ylmy-amaly maslahat Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köp sanly sport we medeni çäreler bilen utgaşdy. Oňa gabatlanyp, «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» ady bilen ýaryşlar guralýar. Şu günler institutda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň fijital-futzal, fijital-basketbol, fijital-stol tennisi we fijital-küşt görnüşleri boýunça guralýan ýaryşlar özüniň täzeçilligi we innowasion tehnologiýalara esaslanýandygy bilen ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47