«Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşikleri
Üns beriň! Ýaş zehinler! Siz üçin uly mümkinçilik. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň, şeýle hem sport mekdeplerde türgenleşýän sporta höwesli ýaşlaryň arasynda «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşiklerini geçirýär.
Bedenterbiýe we sport bäsleşikler 2026-njy ýylyň 4-9-njy maýy aralygynda günde sagat 14:00 – 18:00 aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda geçiriler.
Bedenterbiýe we sport bäsleşikleri haçan geçiriler?
- Umumy beden taýýarlygy we sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça bäsleşikler – 2026-njy ýylyň 4-6-njy maýy aralygynda;
- sportuň oýun we göreş görnüşleri boýunça hem-de sportuň görnüşlerinden umumy we ýörite beden taýýarlygy boýunça test bäsleşikleri – 2026-njy ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionatlary haçan geçiriler?
- Türkmen milli we guşakly göreş boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda;
- sportuň grek-rim we erkin göreş görnüşleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda;
- sportuň sambo göreş görnüşi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 22-24-nji maýy aralygynda.
Gatnaşmaga isleg bildirýänler QR-kod ulgamy ýa-da tdbsi@sanly.tm elektron salgysyna ugratmak arkaly onlaýn görnüşde ýa-da bäsleşikler başlamazdan öň instituta gelip hasaba aldyryp bilerler.
Bäsleşikleriň düzgünnamalary bilen www.tdbsi.edu.tm resmi saýtyna salgylanyp tanşyp bilersiňiz!
Mähriban okuwçylar! Siziň ähliňizi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilýän «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys!
Bäsleşiklere gatnaşyň, sportda zehiniňizi görkeziň!