Halkara ýaryşyň medallary
Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlan döwrebap sport toplumlary we türgenler üçin döredilýän giň mümkinçilikler halkara ýaryşlarda täze ýeňişleriň gazanylmagyna itergi berýär.
Bu yzygiderli aladanyň netijesinde, türkmen türgenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem dünýä derejesindäki ýaryşlarda Watanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler.
Munuň nobatdaky subutnamasy hökmünde Müsür Arap Respublikasynyň Ismailiýa şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýaşlaryň dünýä çempionatynda gazanylan medallary bellemek bolar.
Bu abraýly ýaryşda talyp türgenimiz Anamjan Rustamowa 86 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Anamjan silterläp götermekde 110 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram netije görkezdi. Şeýlelikde, ol iki görnüşiň jemi boýunça 257 kilogram netije gazandy. Şeýle hem türgen itekläp götermekde kiçi altyn medala eýe boldy.
«Olimp» orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Didarbek Jumabaýew hem örän şowly çykyş etdi. Ol 79 kilograma çenli agram derejesinde öz ukybyny görkezen ildeşimiz itekläp götermekde 187 kg netije bilen kümüş, iki görnüşiň jeminde bolsa 335 kg netije bilen bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşa dünýäniň 53 döwletinden 271 türgen gatnaşdy.
Ýaş türgenimiziň halkara derejesindäki bu üstünligi ýurdumyzda ýaş nesliň sport bilen meşgullanmagy, zehinli türgenleriň kemala gelmegi üçin döredilýän şertleriň aýdyň miwesidir. Döwletimiz tarapyndan bedenterbiýä we sporta berilýän uly üns türgenlerimizi täze ýeňişlere ruhlandyrýär.