Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty aşakdaky hünärler boýunça 2026-2027-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabryndan pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär: 
-Inžener-programmist, sanly tehnologiýalar hünäri boýunça - 2 mugallym (Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasy); 
-Sport lukmançylygy hünäri boýunça - 3 mugallym (Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasy); 
Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy:
-Aşgabat şäheri Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy. 
Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti:
-17.08.2026ý. - 21.08.2026ý. 
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 
-24.08.2026ý. - 28.08.2026ý. 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar: 
-Mugallymçylyk ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly; 
-Degişli ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplomy ýa-da gowy bahalar bilen tamamlan bolmaly (ortaça 4,5-den pes bolmaly däl);
-Mugallymçylyk işinde 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmaly; 
-Bäsleşige 45 ýaşa çenli pedagogik işgärler gatnaşyp bilerler. 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy: 
-Rektoryň adyna ýazylan arza; 
-Maglumat (üç arkasy); 
-Şahsy sahypa; 
-Terjimehal; 
-Soňky işlän ýerinden häsiýetnama; 
-Pasport (nusgasy-göçürmesi); 
-Diplom (işligi (wkladyşy) bilen nusgasy-göçürmesi); 
-Zähmet depderçesi (nusgasy-göçürmesi); 
-Harby bilet (nusgasy).

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Işgärler bölümi we ýörite bölümi.

Paýlaş

11/05/2026

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47