Atajan Daýyýew dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy
10-njy maýda Heraklion şäherinde (Gresiýa) agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionaty tamamlandy.
Bu ýaryşda ildeşimiz Atajan Daýyýew +109 kg agramda üstünlikli çykyş edip, itekläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy.
Ol bu görnüşde 208 kilogramyň hötdesinden geldi. Silterläp götermekde Atajanyň görkezen netijesi 162 kg deň boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 370 kilogramyň hötdesinden gelip, umumylykda 4-nji orna mynasyp boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Atajan Daýyýewi halkara ýaryşyna Mansur Rejebow bilen Meretguly Sähetmyradow taýýarlady.
https://turkmensport.com/