Halkara derejeli hünär ýokarlandyryş okuwlary

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetinde halkara derejeli hünär ýokarlandyryş okuwlaryny üstünlikli tamamlan professor-mugallymlara hem-de talyp ýaşlara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýokary okuw mekdebimizde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, häzirki zaman bilim-tehnologiýalaryny özleşdirmek we halkara tejribeleri ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Şu ugurda 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan – 20-nji maýyna çenli Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi bilen Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirildi. Alym-lektor, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor, akademik Wladimir Platonowyň alyp baran «Häzirki zaman ýokary netijeler sporty: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly 72 sagatlyk okuw maksatnamasy üstünlikli tamamlandy. Okuwlaryň netijesinde oňa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Bu halkara taslama Gazagystandan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de Russiýadan 270-den gowrak mugallymlary, tälimçileri we hünärmenleri bir ýere jemledi. Taslamanyň esasy maksady ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem ylmy-amaly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň tejribeli 22 mugallymy bu halkara taslama işjeň gatnaşyp, öz hünär mümkinçiliklerini has-da giňeltdiler.
Şeýle hem 2026-njy ýylyň fewral–maý aýlarynda Milli talyplar sport federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Türkmenistanyň Talyplar ligasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hyzmatdaşlygynda ýaş eminleri ýüze çykarmak we taýýarlamak boýunça ýörite maksatnama durmuşa geçirildi. Maksatnamany üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara hem dabaraly ýagdaýda şahadatnamalar gowşuryldy.
Bu okuwlar Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzda futzal eminlerini taýýarlamagyň başlangyç okuw ugurlaryny guramak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Institutyň okuw binasynda geçirilen nazary hem-de amaly seminarlara futbol we futzal emininiň ýoluny saýlap alan 30 talyp gatnaşdy.
Okuwlaryň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölüminiň müdiri Çarymyrat Gurbanow, federasiýanyň futzal boýunça hünärmeni, UMBRO Futsal Awards boýunça 2011-nji ýylyň «Iň gowy emin» baýragynyň eýesi Wadim Baratow, şeýle hem institutyň uly mugallymy, halkara derejeli emin Kakabaý Seýdow ýaşlara eminlik hünäriniň nazaryýetini we amaly esaslaryny, bu ugruň inçe syrlaryny öwretdiler.
Okuwlary üstünlikli tamamlan ýaş hünärmenler geljekde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň oýunlarynda, Türkmenistanyň Kubogynyň duşuşyklarynda hem-de Naýbaşy futzal ligasynyň oýunlarynda eminlik etmäge hukuk gazandylar.
Geçirilýän şeýle okuwlar we hünär ýokarlandyryş maksatnamalary ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de milli sport ulgamynyň ösüşine täze itergi bermekde möhüm ähmiýete eýedir.

Aýgül UMMATYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

11/05/2026

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47