Parahatçylygyň, sagdynlygyň we sport ýeňişleriniň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň, iri sport başlangyçlarynyň we ýokary netijeli sportuň merkezleriniň biri hökmünde dünýäde barha uly abraýa eýe bolýar.
Munuň aýdyň beýany hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününi görkezmek bolar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnama bilen esaslandyrylan bu halkara baýramçylyk häzirki döwürde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň nyşanyna öwrüldi. Her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän bu sene ýurdumyzyň dünýäde öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welosiped sportuny ösdürmek, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek, ilatyň ähli gatlaklaryny bedenterbiýä we sporta çekmek babatdaky başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda welosiped sporty täze mazmuna eýe boldy. Milli baýramçylyklara, şanly senelere we halkara wakalara bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle çäreler diňe bir sport baýramçylygy bolman, eýsem, jemgyýetde sagdynlygyň, ruhubelentligiň we agzybirligiň dabaralanýandygynyň hem nyşany hökmünde çykyş edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň sport ulgamynda möhüm wakalar bolup geçdi. Milli sportumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler täze üstünlikler bilen dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen VIII Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ata ezber ýigitlerimiziň dünýäniň birnäçe dostlukly döwletlerinde geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagy milli atçylyk sungatymyzyň we sport däplerimiziň dünýäde giňden ykrar edilýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 3-nji aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Maslahata Özbegistan, Türkiýe, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Rumyniýa, Gazagystan, Belarus, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Ermenistan ýaly ýurtlaryň 30 sany ylym-bilim edaralaryndan, şeýle hem ýurdumyzdan wekilleriň gatnaşmagy halkara ylmy-sport hyzmatdaşlygynyň geriminiň barha giňeýändigini görkezýär.
Ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan ylmy-barlag işleri durmuşa geçirilýär. Ylmy-barlag işleri ýaş alymlaryň, aspirantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň gatnaşmagynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda institutymyzyň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda hereket edýän «Olimp» ylmy-usuly merkezi tälimçilik işine innowasion usullary ornaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Bu merkez arkaly milli ýygyndy toparlaryň türgenlerine pedagogik-lukmançylyk barlaglary geçirilýär, taýýarlyk derejesi seljerilýär, fitnes, dikeldiş we psihologik hyzmatlar üpjün edilip, ylmy-barlag we amaly goldaw berilýär. Bu işler bolsa türgenleriň halkara ýaryşlara taýýarlygyny ulgamlaýyn esasda güýçlendirmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzda hereket edýän milli maksatnamalar sportuň köpçülikleýin häsiýetini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda geçirilýän umumybilim edaralarynyň spartakiadalary, orta hünär okuw mekdepleriniň sport ýaryşlary, uniwersiadalar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň spartakiadalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky bäsleşikler köpçülikleýin sport hereketiniň giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär.
Bu ýaryşlaryň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary sportuň 11 görnüşi, hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary 13 görnüşi, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 21 görnüşi, professor-mugallymlar 7 görnüşi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri 9 görnüşi, ministrlikleriň işgärleri 8 görnüşi, welaýatlaryň we şäherleriň ýygyndy toparlary bolsa 9 görnüşi boýunça bäsleşdiler. Şeýle giň gerimli ýaryşlar sport zehinlerini ýüze çykarmakda, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmekde we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylyň 30-njy aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçirilen sylaglaýyş dabarasy hem sport ulgamynyň gazanýan üstünliklerini aýdyň alamatlandyrdy. Ýeňiji toparlara medallaryň, kuboklaryň, Hormat hatlarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň sowgatlarynyň gowşurylmagy sport zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşany boldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen aýlarynda institutymyzyň talyp ýaşlarynyň halkara sport giňişliginde gazanan netijeleri aýratyn buýsanç döredýär. Olar 12 sany halkara ýaryşyna gatnaşyp, dünýä çempionatlarynda we kuboklarynda 14, Aziýa çempionatlarynda we kuboklarynda 18, beýleki halkara ýaryşlarda bolsa 32 medal gazanyp, jemi 67 medala mynasyp boldular. Şolaryň 27-si altyn, 12-si kümüş, 28-si bolsa bürünç medallardyr. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilen ýaryşlarda 455 medalyň gazanylmagy talyp türgenlerimiziň ussatlygynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport desgalarynda geçen aýlarda 50-den gowrak ýaryşyň geçirilmegi, «Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» atly bäsleşikleriň guralmagy, türkmen milli we guşakly göreş, grek-rim göreşi, erkin göreş, sambo boýunça açyk çempionatlaryň, futzal, basketbol we woleýbol boýunça talyplar ligalarynyň üstünlikli geçirilmegi ýaş nesliň sporta bolan höwesiniň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek esaslandyrylan talyplar ligalary hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Futzal, basketbol we woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijesinde institutymyzyň «Talyp sport» toparynyň birinji orna mynasyp bolmagy ýaşlaryň sport ussatlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Bu ýaryşlary giňden wagyz etmek maksady bilen döredilen media toparynyň işi sport žurnalistikasynyň kämilleşmegine itergi berýär.
Bu gün Türkmenistan sport arkaly parahatçylygy, dostlugy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilýän çäreler, halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňelmegi, milli sport gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy, türgenlerimiziň gazanýan ajaýyp ýeňişleri hem-de ýaş nesliň sporta bolan gyzyklanmasynyň artmagy bedenterbiýe we sportuň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Parahatçylygyň, sagdynlygyň we ösüşiň ýoluny saýlap alan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara sport giňişliginde täze sepgitleri eýeläp, dünýäde sport hereketine mynasyp goşant goşmagyny dowam edýär. Eziz Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Hydyr NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty.

Paýlaş

11/05/2026

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47