Gökderede «Şadyýan tomus – 2026» atly sport ýaryşlary geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda Gökderäniň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň hereketli hem-de sanly görnüşleri boýunça «Şadyýan tomus – 2026» atly merkezara bäsleşikler ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.
Ýaryşlara badalga berilmezden ozal, Gökderäniň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alşyny geçirýän çagalar joşgunly sazyň astynda köpçülikleýin bedenterbiýe maşklaryny uly agzybirlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu gözel pursatlar sagdynlygyň we çalasynlygyň çagalaryň gündelik durmuş ýörelgesine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Soňra bu ýerde ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sport ukyplaryny açyp görkezýän aýdym-sazly görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Dabaranyň geçirilýän meýdançasynda ýaňlanan ruhubelent sazlardyr çagalaryň taýýarlan tansly çykyşlary myhmanlarda uly täsir galdyryp, bagtyýar nesilleriň şatlygyny has-da goşalandyrdy.
Çagalaryň fiziki hem-de intellektual ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen bu merkezara bäsleşikler sportuň hereketli we sanly futbol, sanly sport tanslary, 3x3 basketbol, ylgaw ýaryşy, stol tennisi, tanap çekmek, şaşka ýaly görnüşlerini öz içine aldy. Ýaryşlara Gökderedäki merkezlerde dynç alýan çagalardan ybarat 14 sany topar gatnaşdy. Bäsleşikleriň ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ussat tälimçi-mugallymlaryndan ybarat ýörite eminler topary döredildi. Ýaryşyň jemleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýurdumyzda sagdyn, ruhubelent we hemmetaraplaýyn kämil nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtyny mazmunly hem-de peýdaly geçirmek, olaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak maksady bilen şeýle çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Dabaranyň ahyrynda ýaryşa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, şeýle-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Begenç MOLLAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
bedenterbiýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

11/05/2026

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47