Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan bu abraýly çärä ýurdumyz boýunça 1500-den gowrak ýaş alymlar hem-de talyplar gatnaşyp, olar alty sany möhüm ylmy ugur (nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, maglumat ulgamlary, lukmançylyk, innowasion ykdysadyýet we ynsanperwer ylymlary) boýunça öz taslamalaryny hödürlediler. Bäsleşigiň netijelerine görä, iň oňat diýlip saýlanan 170 sany zehinli ýaşlar ýeňiji diýlip yglan edildi we olara döwlet Baştutanymyzyň adyndan şahadatnamalar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aýmaral Azatgeldiýewa «Türgenlerde madda çalşygynyň derejesini metabolograf enjamy arkaly seljermek» atly ylmy işi bilen üstünlikli çykyş edip, 2-nji orna mynasyp boldy. Dabaranyň dowamynda döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylymly-bilimli ýaşlaryň edýän goşandy aýratyn nygtalyp, çäre ýeňijileriň Ýüzlenmesi we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary bilen jemlenildi.
Begenç MOLLAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
bedenterbiýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby.