«AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär
«Açyk gapylar» günlerinde bilime-ylma höwesli zehinli ýaşlara hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli parasatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim hem-de bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, institutymyzda taýýarlanylýan hünärler, sport we bedenterbiýe boýunça alnyp barylýan okuw, terbiýeçilik, ylmy, usulyýet, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.
«Açyk gapylar» günleri institutda şu ýylyň 27-nji aprelinde we 13-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-64-02, 22-65-47.
Elektron salgysy: tdbsi@sanly.tm
Web-saýt: http://www.tdbsi.edu.tm