Täze üstünlikleriň başlangyjy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli bilim we sport ulgamlaryny ösdürmekde, ösüp gelýän ýaşlaryň zamanabap bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan zehinli hünärmenler, döwletimiziň sport abraýyny täze belentliklere göterjek türgenler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda öňde duran täze okuw ýylyna ähli taraplaýyn taýýarlyk görüldi.
2026 — 2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize ýaşlaryň 700-si okuwa kabul edildi. Şunuň bilen birlikde aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we sport mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň, şeýle hem sporta höwesli ýaşlaryň gatnaşmagynda, sportuň dürli görnüşleri boýunça açyk çempionatlaryň geçirilendigini aýratyn bellemek bolar. «Zehinli ýaşlar — türgenleriň täze nesli» diýen at bilen geçirilen ýaryşlar aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýaryşlarda görkezen netijelerine seredilip, ýaşlaryň 50-den gowragy okuwa kabul edildi.
Giriş synaglarynda talyplyga dalaşgärleriň öň gazanan sport üstünlikleri aýratyn nazara alyndy. Halkara derejeli ýaryşlarda, döwlet, welaýat, şäher we etrap derejelerinde geçirilen çempionatlarda, birinjiliklerde we kubok ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleriň görkezijileri ýokary hasaplanylýar. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň netijeleri hem degişli tertipde hasaba alynýar. Bu gezekki giriş synaglarynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hödürnamasy boýunça sportda tapawutlanan, şol sanda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary bolup durýan türgenleriň 103-si instituta okuwa kabul edildi.
Okuwa kabul edilen talyplaryň 8-si sport ussady, 27-si sport ussatlygyna dalaşgär, 49-sy halkara sport ýaryşlarynyň, 162-si bolsa döwlet derejeli ýaryşlaryň ýeňijileridir. Şeýle hem okuwa kabul edilen ýaşlaryň 117-si sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarydyr.
Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda ylym-bilim bilen sportuň özara sazlaşyga eýe bolýandygyny nygtamak ýakymlydyr. Häzirki döwürde sportuň ösüşini ylmy çemeleşmelerden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şonuň üçin ýokary okuw mekdebine kabul edilen her bir ýaş zehiniň ylmy gözleglere bolan gyzyklanmasyny ösdürmek, sportda gazanylýan netijeleriň ylmy esaslaryny öwrenmegini, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmegini gazanmak möhüm wezipeler bolup durýar. Ýokary okuw mekdebimizde bu ugurda alnyp barylýan işler giň gerime eýedir. Her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigine institutyň ýaş alymlarynyň, mugallymlarynyň, talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygy biz üçin guwandyryjydyr.
Sentýabr aýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy uly toý dabaralary bilen bellenilip geçiler. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bir wagtda institutyň professor-mugallymlary, talyp türgenleri bu şanly senäni mynasyp sowgatly garşylamak üçin yhlasly zähmet çekerler. Baş baýramymyza halkara ýaryşlarda altyn, kümüş, bürünç medallary gazanyp, mukaddes ýaşyl tugumyzy belentde parladyp barmak her bir türkmen türgenimiziň beýik isleg-arzuwydyr.
Täze okuw ýyly — täze maksatlaryň, üstünlikleriň we ýeňişleriň başlangyjy bolar. Biz — ýurdumyzyň bilim hem-de sport ulgamynyň hünärmenleri, özümiz üçin döredilen şertlerden peýdalanyp, milli bilimiň hem-de sportuň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi, türkmen sportunyň abraýyny täze belentliklere göterjek türgenleriň kemala gelmegi ugrunda yhlasly zähmet çekeris. Ýaşlarymyza döwrebap bilim bermekde, milli sportumyzyň ösmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Güýçgeldi HOJAMYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
okuw işleri boýunça prorektory.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47