Sport — ruhubelentligiň gözbaşy
Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelemek hem-de talyplar sportuny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy hem-de Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Bedew batly Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berildi.
Sport baýramçylygynyň dabaraly açylyşy institutyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň häzirki zamanyň iň kämil ülňülerine laýyk gelýän köpugurly sport toplumynda ýokary ruhubelentlikde geçdi. Dabaranyň başynda çykyşlara giň orun berildi. Onda ýaşlary sporta giňden çekmegiň, köpçülikleýin talyplar sportuny ösdürmegiň hem-de şanly seneleridir baýramçylyklary şeýle sport çäreleri bilen dabaralandyrmagyň ähmiýeti barada giňden bellenilip geçildi. Soňra çäre aýdym-sazly we görkezme sport çykyşlary bilen dowam etdi. Ýokary okuw mekdebiniň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz we tans toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýeňişli ýollardan barýan ýaşlar biz!» atly çykyş dabaranyň şowhunyny, ýaş türgenleriň kalbynda ýeňşe bolan islegi has-da artdyrdy. Mundan başga-da, Aşgabat şäher bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň türgenleriniň, institutyň gimnastikaçylarynyň, şeýle-de karateçileriň hem-de başa-baş tutluşyk kafedrasynyň türgenleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çylşyrymly görkezme çykyşlary gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
— Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagtda institutymyz diňe bir ussat türgenleri we tälimçileri däl, eýsem, bedenterbiýe we sport, sportuň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, sport psihologiýasy ýaly ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan esasy ylym-bilim ojagydyr. Institutyň üç fakultetinde talyplara sportuň 46 görnüşi, şol sanda 2024-nji ýylda açylan kibersport boýunça hem ylmy esaslara daýanýan döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Şu ýyl talyplygyň hataryna kabul edilenleriň arasynda ýurdumyzyň we halkara çempionatlaryň ýeňijileriniň bolmagy bizi diýseň guwandyrýar. Halkara meýdançalarda gazanylýan uly üstünlikleriň gözbaşynda bolsa, elbetde, köpçülikleýin sport we sagdyn durmuş ýörelgesi durýar. Şoňa görä-de, bu günki uly dabara bilen badalga alan talyplar bäsleşiginiň ähmiýeti aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna we Talyplar sportunyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän bu çäre diňe bir sport bäsleşigi bolman, eýsem, talyplarymyzyň sagdynlygynyň, agzybirliginiň we dost-doganlygynyň hem aýdyň nyşanydyr — diýip, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Oguljennet Jumalyýewa gürrüň berdi.
24-nji sentýabrda tamamlanjak bu bäsleşikler sportuň woleýbol, basketbol, futzal we stol tennisi görnüşleri boýunça oglanlaryň arasynda geçirilýär. Ýaryşa ýörite lukmançylyk gözegçiliginden geçen ýygyndy toparlar gatnaşyp, olar halkara sport federasiýalarynyň hereket edýän düzgünlerine doly laýyklykda bäsleşerler. Şeýle-de bu çäreleriň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda «Sport we ýaşlar — sagdyn jemgyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat hem geçiriler. Onda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni wagyz etmegiň ylmy esaslary we jemgyýetiň sagdyn kemala gelmeginde sportuň orny barada wajyp çykyşlar diňleniler. Köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň jemleýji gününde bolsa egsilmez ruhy joşgun bilen bäsleşip, baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösýän, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ýurdumyzda bedenterbiýäni hem-de talyplar sportuny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun! Ýaryşlara gatnaşýan talyplara bolsa sportda täze-täze ýeňişleri arzuw edýäris.
Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Surata düşüren awtor.