Akylly sport we syýahatçylyk: bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk ulgamynda sanly özgertmeler
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki Powolžýe bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk döwlet uniwersitetinde “Akylly sport we syýahatçylyk: bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk ulgamynda sanly özgertmeler” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräni däp bolşy ýaly, Azerbaýjan Sport akademiýasy we Belarus döwlet bedenterbiýe uniwersiteti hem bilelikde gurady.
Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň rektory, professor Rafis Burganow sport we syýahatçylyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň indi goşmaça serişde bolmakdan çykyp, hünär işiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigini belledi. Onuň sözlerine görä, ulgamlaryň netijeliligi we bäsdeşlige ukyplylygy olaryň sanly taýdan özgeren derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Sportdaky sanly özgertmeler uly maglumatlary seljermek, emeli aňdan peýdalanmak, biomehaniki modelleşdirmek, genetiki profilleşdirmek, funksional ýagdaýlary anyklamak we aşa türgenleşmegiň töwekgelçiligini çaklamak ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de sanly tehnologiýalar uýgunlaşdyrylan bedenterbiýe we reabilitasiýa üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Syýahatçylyk pudagynda hem sanly platformalar, akylly bronlamak ulgamlary, interaktiw nawigasiýa hyzmatlary, wirtual we goşmaça hakykat tehnologiýalary hyzmatlaryň täze görnüşini kemala getirýär. Şonuň üçin häzirki zaman pudagy sanly we ýöriteleşdirilen hünär başarnyklaryna eýe bolan täze nesil hünärmenlerini talap edýär.
Halkara ylmy-amaly maslahata Russiýanyň 15-den gowrak sebitinden, şeýle hem Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Gazagystandan alymlar gatnaşdylar. Çärä 150-den gowrak ylmy iş hödürlenildi.
Maslahatyň myhmany, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň müdiri Allamyrat Goçow «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň fiziki terbiýesi» atly ylmy tema bilen çykyş etdi. Ol Powolžýe bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk döwlet uniwersitetinde we Kazandaky sport desgalarynda geçirilen tanyşlyk saparynyň hem-de alşylan tejribäniň ähmiýetini belledi.
Umumy mejlisde sportdaky aragatnaşyk dolandyryşynda emeli aň tehnologiýalarynyň orny, marketingiň SEO-dan generatiw neýroulgamlaryň jogaplaryna laýyklaşdyrylan GEO çemeleşmesine geçişi, pudagyň işgärler kuwwatynyň sanly tehnologiýalaryň täsiri bilen üýtgemegi, futbol boýunça uly maglumatlaryň ulanylyşy, şeýle hem syýahatçylyk we myhmansöýerlik pudagynyň sanly özgertmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Umumy mejlisden soň maslahatyň işi tegelek stol we bölüm mejlisleri görnüşinde dowam etdirildi.
Adelina HRAMOWA,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki
Powolžýe bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk döwlet uniwersiteti.