Ýurdumyzyň wekili I Merkezi Aziýa Talyplar sport forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy sentýabryndan – 2-nji oktýabryna çenli Özbegistan Respublikasynda I Merkezi Aziýa Talyplar sport forumy geçirildi. Sebitleýin ähmiýetli bu halkara forum talyplar sportuny ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň talyplar sport federasiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Foruma ýurdumyzdan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýanyň baş kätibi Serdar Gurdow wekilçilik etdi. Bu waka Türkmenistanyň talyplar sportuny halkara derejede ösdürmäge, tejribe alyşmaga we Merkezi Aziýanyň degişli sport guramalary bilen gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen işleriň dowamlydygyny görkezýär.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde 1-nji oktýabrda halkara wekiliýet Samarkand şäherine baryp gördi. Saparyň dowamynda myhmanlar Ýüpek ýoly halkara syýahatçylyk we medeni miras uniwersitetiniň işi, bu ýokary okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işleriniň alnyp barlyşy, talyplar we ýaşlar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Saparyň möhüm çäreleriniň biri hem Halkara talyplar sport federasiýasynyň (FISU) prezidenti Leonz Ederiň we Özbegistanyň Talyplar sport birleşiginiň başlygynyň orunbasary Erkin Kodirowyň talyplar bilen geçiren duşuşygy boldy. Açyk görnüşde geçirilen pikir alyşmada talyplar sportunyň ösüşi, sport ulgamyndaky mümkinçilikler hem-de halkara tejribäniň alşylmagy barada gürrüň edildi. Şeýle hem wekiliýete uniwersitetiň sport düzümi we talyplar sportuny ösdürmek üçin döredilen mümkinçilikler görkezildi.
Forumyň maksatnamasy diňe sport çäreleri bilen çäklenmän, medeniýeti öwreniş çärelerini hem öz içine aldy. Şolaryň çäklerinde halkara wekiliýet Samarkandyň baý taryhy, medeni mirasy bilen tanyşdylar. Myhmanlar Gur-Emir aramgähine, Registan meýdançasyna, Bibi-Hanym metjidine we Ymam Buhary ýadygärlik toplumyna baryp gördüler.
I Merkezi Aziýa Talyplar sport forumy sebit döwletleriniň talyplar sportunyň ösüşi boýunça pikir alyşmagyna, döwrebap çemeleşmeleri öwrenmegine we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemegine mümkinçilik döretdi.

Selbi ALLAMYRADOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47