«Sanly türgen – 2026»

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sanly türgen – 2026» atly Hakaton bäsleşigi geçirildi. Ýaş türgenleri taýýarlamakda peýdalanyp bilinjek sanly platformalary, mobil goşundylary we maksatnamalary işläp taýýarlamaga gönükdirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň 18 sany ýokary okuw mekdebinden 5 adamdan ybarat bolan ýygyndy toparlar gatnaşdylar. Talyplaryň hödürlän taslamalary olaryň funksionallygy, interfeýsi, işjeňligi, özboluşlylygy hem-de taýýarlanyşyň tizligi boýunça 100 ball ulgamynda bahalandyryldy. Bäsleşigiň jemleri aşakdaky görnüşe eýe boldy:
1. Türkmenistanyň Serhet instituty – 98 ball, baş baýrak
2. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty – 93 ball, I orun
3. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty – 91 ball, I orun
4. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti – 87 ball, II orun
5. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty – 86 ball, II orun
6. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti – 84 ball, II orun
7. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti – 83 ball, III orun
8. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti – 82 ball, III orun
9. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty – 81 ball, III orun
10. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty – 81 ball, III orun
11. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty – 80 ball, höweslendiriji baýrak
12. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti – 78 ball, höweslendiriji baýrak
13. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty – 77 ball
14. Türkmen döwlet maliýe instituty – 76 ball
15. Türkmen oba hojalyk instituty – 75 ball
16. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy – 74 ball
17. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty – 65 ball
18. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty – 60 ball
Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys! Geljekde hem ylmy-innowasion gözlegleriňizde hemişe öňdeligi arzuw edýäris!

Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasy.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47