Basketbol boýunça talyplaryň arasynda geçirilen ýaryş tamamlandy
Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň bedenterbiýe we sporty hemrasyna öwürmeklerini gazanmak maksady bilen yzygiderli çäreler, ýaryşlar geçirilýär. Geçirilýän ýaryşlar ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrýar. Ýaşlary sporta çekmek we ezber türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen häzirki wagtda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly 12-nji uniwersiada geçirilýär. Uniwersiadanyň çäklerinde geçirilýän sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň birnäçesiniň ýeňijileri belli boldy.
Basketbol boýunça geçirilen ýaryş hem şowly tamamlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň öňe saýlanan toparlary duşuşdylar. Ýarym finalda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlary duşuşyp, ýaryş Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Final ýaryşynda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň toparlary duşuşyp, ýaryş Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýeňşi bilen jemlendi. Şeýlelik-de, «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly 12-nji uniwersiadanyň çäklerinde geçirilýän basketbol boýunça ýaryşyň ýeňijisi «Talyp sporty» topary boldy.