Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda taryhy üstünlikleri


   Döwletli döwrümizde her bir ýyly uly üstünlikler, şanly ýeňişler bilen garşylaýarys. Jemlenip barýan ýylyň netijelerine ser salmak ýurdumyzda sportuň ösüşine-de, her bir üstünligiň many-mazmunyna hem mynasyp baha bermäge mümkinçilik döredýär. Hakykatdan hem, milli sportumyzyň ösüşi şol netijelerde aýdyň beýanyny tapýar. Dünýä we yklym çempionatlaryndaky medallar, halkara ýaryşlardaky üstünlikler, kuboklardyr birinjiliklerdäki ajaýyp netijeler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy ýeňişlere baý bolandygyny görkezýär. Şeýle möhüm synaglarda uly üstünliklere eýe bolan milli ýygyndy toparlarymyzyň düzüminde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp ýaşlarynyň hem kändigi diýseň buýsandyryjydyr.
   2022-nji ýylyň dowamynda institutymyzyň talyp türgenleri halkara sport ýaryşlaryň 24-sine gatnaşyp, jemi 120 altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşan onlaýn we uzak aralykdan internet olimpiadalarynyň we ders, zehin bäsleşikleriniň görkezijileri 49 sany baýrakly orundan ybarat boldy. Geçirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri boýunça halkara indekslenýän neşirlerde 50-den gowrak ylmy makalalar neşir edildi.
   Munuň özi biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzda alnyp barylýan ähmiýetli işleriň miwesidir. Gazanýan üstünlikleri bilen Watana şan getirmegi başarýan türgenleri taýýarlamak bolsa biziň esasy wezipämizdir. Talyp türgenlerimiziň watansöýüjiligi bolsa olaryň ýurdumyzyň medallar gaznasyny has-da baýlaşdyrmak üçin yhlaslaryny gaýgyrman alyp barýan göreşlerinde şöhlelenýär. Biz olaryň yhlaslarynyň ýerine düşüp, 2023-nji ýyly hem ajaýyp sport üstünliklerine beslemeklerini arzuw edýäris. Uly şatlyk-şowhun bilen 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny» garşylaýarys. Täze ýylda ýüzüňizde ýylgyryş we ýüregiňizde söýgi egsilmesin. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

TDBSI-niň okuw-usulyýet bölümi.

Paýlaş

07/03/2025

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47